I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1. Preambulany şu görnüşde beýan etmeli:
«Şu bitewi Kanun ýerleri dolandyrmagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we olary rejeli peýdalanmaga, goramaga hem-de daşky tebigy gurşawy abat saklamaga we gowulandyrmaga, ýerde hojalyk işlerini alyp barmagyň dürli görnüşlerini ulanmaga, ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilýär.».
2. 94-nji we 95-nji maddalary şu görnüşde beýan etmeli:
«94-nji madda. Döwlet ýer kadastry düşünjesi we onuň niýetlenilişi
1. Döwlet ýer kadastry ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary hem-de ykdysady taýdan baha berlişi, olaryň ýerleşýän ýeri we ölçegleri barada, şeýle hem olaryň ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar hem-de ýer kärendeçileri boýunça bölünişi barada resmileşdirilen maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumat ulgamydyr.
2. Döwlet ýer kadastry şulary öz içine alýar:
1) ýer böleklerine bolan hukuklaryň döwlet belligine alnandygy barada maglumatlar toplumyny;
2) ýer bölekleriniň mukdar hem-de hil häsiýetnamalaryny;
3) topraklaryň bonitirowkasy barada maglumatlary;
4) ýerlere ykdysady baha bermegi;
5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen, ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly beýleki maglumatlary.
3. Döwlet ýer kadastry ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna we goralmagyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, ýerleriň hasyllylygynyň saklanylmagyna we ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek, ýerler üçin esaslandyrylan tölegi bellemek we ony almak maksady bilen döwlet häkimiýet edaralaryny we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, beýleki ýuridik, şeýle hem fiziki şahslary ýerler hakynda maglumat taýdan üpjün etmek üçin niýetlenen.
4. Döwlet ýer kadastry Türkmenistanyň Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyna girýän beýleki döwlet kadastrlarynyň esasyny düzýär.»;
«95-nji madda. Döwlet ýer kadastryny alyp barmak
1. Döwlet ýer kadastry babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary Döwlet ýer kadastry hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
2. Döwlet ýer kadastryny alyp barmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň Tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.».
3. 96-99-njy maddalary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.